Daşary ýurtly dalaşgärleri “Grodnonyň döwlet agrar uniwersiteti” bilim edarasyna kabul etmegiň tertibi

 Giriş wizasyny alandan we Belarus Respublikasyna gelenden soň, dalaşgär uniwersitetу Kabul edilmek  üçin aşakdaky işleri geçýär:

- arza bermek;

- aşakdaky resminamalary tabşyrmak:

öwrenilen sapaklary we alnan bahalary görkezýän bilimi barada şahadatnama (resminama) – Şu resminamalaryň Belarus Respublikasynda ykrar ediliş görnüşinde;

Belarus Respublikasynyň territorial saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berlen lukmançylyk – maslahat beriş toparynyň netijenamasy („GDAU“ bilim edarasynyň gönükdirmesi boýunça hökmany lukmançylyk barlagy geçilenden soň);

öz ýurdunyň döwlet saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen lukmançylyk netijenamasy;

AIW – ýokanç keseliniň ýoklugu barada sertifikat;

dogluş hakynda şahadatnamanyň asyl nusgasy (nusgasy);

3х4 ölçegli fotosurat;

ýokary bilim edarasynyň  ýokary okuw jaýyna çenli taýýarlyk fakultetini, taýýarlyk bölümini,  taýýarlyk okuwlarynyn tamamlandygy hakynda şahadatnama.

Ýokarda sanalan resminamalaryň notarial edarasynda tasyklanan we rus ýa-da rus dillerine terjime edilen nisgalary bolmaly.

- okuw şertnamasyna gol çekmek;

- okuw tölegini we beýleki çykdajylary tölemek;

- uniwersitete kabul edilendigi barada buýrungy resmileşdirmek.

We use cookies

This site uses cookies. By staying on this site, you agree to the terms of use of cookies.