Belarus Respublikasy

Belarus Respublikasy Ýewropanyň merkezinde ýerleşýär we 5 döwlet bilen:  Russiýa, Ukraina, Polşa, Litwiýa bilen araçäkleşýär. Tutýan  meýdany 207 600 km2. Ilaty 9 503 800 adam. Belarus Respublikasynyň paýtagty Minsk ýurduň merkezinde ýerleşýär.

Klimat

Belarussiýanyň aram kontinental klimaty ýagynly yssy däl tomusy we mylaýym howaly öumşak gyşy häsiýetlendirpýär.  Ortaça temperatura Belarussiýanyň sebitlerine laýyklykda özgerýär.  Iýulyň  ortaça temperaturasy demirgazykda +170 S, günortada +18,50 S. Ýanwarda ortaça temperatura günorta-günbatarda -4,5°S, demirgazyk-gündogarda -8°S.

Dini

Belarus Respublikasynda iň giň ýaýran din hristinançylyk bolup durýar. Belarusýadaky hristianlar prowasliýa, katolisize, grek-katolisizme (Uniat buthanasy) we protestançylyga uýýarlar. Beýleki has giň ýaýran dinler: iudaizm we yslam.

Medeniýet

Belarussiýada her ýyl saz sungatynyňuggurlary we görnüşleri boýunça dürli festiwallar: “Belorus sazly güýzi», «Minsk ýazy», «Altyn şlýager», “Neswižiň joşgunlary” ýaly festiwaly geçirilýär. “Witebsk Slawýan bazary” alty halkara sungat festiwaly Belarussiýada festiwal hereketleriniň nyşany boldy. Bu festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan meşhur estrada aýdymçylary gatnaşýarlar.

Belarus Respublikasynyň Milli akademiki uly opera we balet teatry iň belli teatrdyr. Belarussiýada şeýle-de Minskde “Panorama”, Brestde “Belaýa weža” Ýaly uly teatr festiwallary geçirilýär.

Has belli belorus ýazyjylary we şahyrlary: Simeon Polockij, Ýanka Kupala, Ýakub Kolas, Maksim Bogdanowiç, Wasil Bykow, Wladimir Korotkewiç.

Belarus 1
Belarus 10
Belarus 11
Belarus 12
Belarus 2
Belarus 3
Belarus 4
Belarus 5
Belarus 6
Belarus 7
Belarus 8
Belarus 9

We use cookies

This site uses cookies. By staying on this site, you agree to the terms of use of cookies.